Bu giňişligiň okyjylarynyň ýadyndadyr. 21-nji sentýabrdaky ýazgymda, ýaňy-ýakynda Ýewropa eden syýahatymda başymdan geçen “coffee date” tejribäm barada ýazypdym. (Şu çelgiden okap bilersiňiz: https://teswirler.com/coffee-date-76-i-nabelli-seyilgahde)
Şeýle-de şol ýazgymda, paýtagtdaky dostlarym bilen indiki gezek çaý-kofe içmäge wagt bellämde “coffee date” sözüni ulanyp görjekdigimi aýdypdym. Şeýle-de etdim. Bu gezekki ýazgymda şol tejribämi size ýetirýän.
Geçen hepde, köne dostlarymyň biri bilen kofe içip, gümür-ýamyr etmek üçin wagt belleşemde oňa telefonda, “dost, wagtyň bolsa ertir öýlän seň bilen coffee date edeli” diýdim. Geňirgendi. Ara düşen bir salymlyk dymyşlykdan soň, aýdan sözümiň manysyna düşünip, “Näme-näme?! Deýt diýdiňmi?! Dost, bi ýaşdan soň, iki bolup deýt edip, ile wejera bolmaly. Nämäň deýti?! Gel gowusy, oňaýaly-la” diýdi.
Menem oňa Ýewropada ýoň bolan ýagdaýy düşündirdim. Ol ýylgyrdy. Başda göwnemedik bolsa-da, soň makullady. Sataşyp kofe içdik. Oňa oýun edip, “ýeri oňsoň meň bilen coffee date etmek nähili ekeni?!” diýip soradym. (Häsiýetim gursyn, menem erbet adamaý, düzelmän geçerin). Beren soragym onuň içine düşdi. Soňam “hiç neneň däl ekeni” diýdi.
Düýn öýlän başga bir dost oglan bilenem çaý-kofe içmek üçin wagt belleşenimde, oňa-da “biz onda bu gün coffee date ederis-ä?!...” diýsem, onuň içine düşdi. Bir salym hezil edip güldi. Ol "coffee date"-yň Ýewropada ýörgünli bolan manysyndan habarly ekeni. Meň niýetimi dessine aňdy. Geňirgenmedi. Teklibimi “Bolýa, bolýa” diýip kabul etdi. Onuň bilenem sataşdyk. Hem könäni ýatladyk, hem-de şu güni. Indiden beýläk, ikimiz sataşjak bolsak, öz aramyzdaky açar sözümiz eýýäm belli: “dost, haçan coffee date ederis?!...”
ÝÜREGE DÜŞGÜNÇ OFISIANT
Düýn maşgala bolup, paýtagtymyzdaky ady belli restoranlaryň birine agşamlyk iýmäge gitdik. Tagamlary lezzetli bişirlipdir. Nahardan soň çaý bilen iýen süýjüliklerimize-de söz ýok, süýji ekeni. Umuman hemme zat diýen ýaly gowydy. Ýekeje zadyny halamadym: şol restoranyň ofisiantynyň gereginden artyk ýanymyza gelmegi; gaýta-gaýta gelip ýürege düşmegi.
Restoranda iki ýarym sagat töweregi oturdyk. Biziň stolumyza seredýän işgäri, ýanymyza gereginden artyk gelip “hemme zat ýerbe-ýermi?”, “gerek zadyňyz barmy?” diýip halys ýüregime düşdi. Sargyt eden tagamlarymy nirä iýenime-de düşünmedim. Edil o dereje köp gelip, ýürege düşmeklik çenden aşa bolýar. Her zadyň çaky bar ahyry. Restoranlarda-kafelerde iň halamaýan zatlarymyň biri – ofisiantyň gaýta-gaýta gelip ýüregiňe düşmegi.
Meniň pikirimçe, restoranyň işgäri müşderä nahary getirensoň, oňa tagamy lezzet alyp iýmäge maý bermeli. Ýanyna barmak üçin howlukmaly däl. Gaýta-gaýta ýanyna baryp durmagy müşderini biynjalyk edýär. Kim bolsa-da şeýle hereketi halamazmyka diýýän.
Düýn agşamky restoranda hyzmat eden işgärem, meň pikirimçe işe täzeräk barana meňzeýär. Göwnüme bolmasa, şol ofisiant gep eşitmejek bolup, öz başlygyň müşderiden habar alyp dur diýen tabşyrygna, şeýleräk düşünen ýaly.
Ahyry şol işgäriniň özüne-de, beýdip gaýta-gaýta gelip, ýürege düşme diýip duýdurdym. Şondan soň bir gezek geldi. Onda-da gerek zadym ýok, hasaby getiräý diýdim. Wessalam. Ol ofisiant hem näme, şeýdip, tejribe bilen öwrener-dä.
Garbanyşhana hyzmatlary ýaly halka hyzmat edýän pudaklarda umuman, işe täze alnan işgärlere ýörite okuw geçilse, maksada laýyk bolar. Hem ofisiant işi tiz öwrener, hem-de gelen müşderiler umuman edilýän hyzmatdan hoşal bolarlar.
"EZIZIM"
Bu günki ýazgymy, meşhur iňlis aýdymçysy Ed Şiranyň (Ed Sheeran) geçen ýyl çykaran we dessine tutuş dünýäde hit bolan, “Azizam” ("Ezizim") atly aýdymynyň başky bendiniň sözleri bilen jemleýärin. "Azizam" sözi pars dilinde “ezizim”, “mähribanym” “gadyrdanym” diýen manyny aňladýar.
(Iňlisçeden terjime eden: awtor)
Ezizim
Şu gün agşam meň bilen tans meýdançada sataş,
Maňa suw ýaly hereket etmegi görkez,
Tans edýän çyralaryň arasynda,
Meňki bol, meňki bol, ezizim...
Iňlis dilindäki sözleri:
Azizam
Meet me on the floor tonight
Show me how to move like the water
In between the dancin' lights
Be mine, be mine, azizam
Sag-salamat galyň.
*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.

Teswirler (8)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...