AÝAK SESLERI
Şo bir aýak sesleri, şo bir aýak sesleri,
Aýlanyp ýör daşarda, gije düşeli bäri.
Dert berýär bu sesler iň agyryly ýerime,
Iriňlän ýara ýaly azar berýär ýüregme.
Ýakymsyz habar ýaly, eý, maňa ýakynlaşan,
Soňra-da şatlyk bilen ýanymdan uzaklaşan.
Sesler, aýak sesleri, dynuwsyz şygyrdylar,
Maňa gelen buşlygy, ähtimal ýygşyrdylar.
Şeýle ädim äderler, aýrylanlar ýaryndan,
Şeýle ýörär gidenler, bir tabydyň ýanyndan.
Ýalňyz galan gijelem, bu gamgyn sesden doldy,
Indi, ýüregmiň sesem bir aýak sesi boldy.
Bir gün sönen gursagma, eger düşäýse başym,
Terk edýän ýaly göýä, meni bir jan syrdaşym.
Gitdigiçe uzaklaşýan bu sesi duýa-duýa,
Haýaljakdan çümerin, o galynmaz ukyýa...
Nejip Fazyl KYSAKÜREK
1925
Terjime: Mango
****
AYAK SESLERI
Hep bu ayak sesleri, hep bu ayak sesleri,
Dolaşıyor dışarda, gün batışından beri.
Bu sesler dokunuyor en ağrıyan yerime,
Bir eski çıban gibi işliyor içerime.
Ey şimdi kara haber gibi bana yaklaşan,
Sonra saadet olup yanımdan uzaklaşan
Sesler, ayak sesleri, kesilmez çıtırdılar!
Bana gelen müjdeyi galiba caydırdılar.
Böyle adım atarlar, ayrılanlar eşinden,
Böyle yürür, gidenler, bir tabutun peşinden.
Kimsesiz gecelerim, bu kesik sesle doldu,
Artık, atan kalbim de bir ayak sesi oldu.
Bir gün, sönük göğsüme düştüğü vakit başım,
Benden ayrılıyormuş gibi bir can yoldaşım,
Gittikçe uzaklaşan bu sesi duya duya,
Yavaşça dalacağım, o kalkılmaz uykuya...
Necip Fazıl Kısakürek
1925

Teswirler (9)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...