24-nji oktýabr.
Düzme.
Eger men kartoşka bolan bolsam.
Biz ýeriň astynda ýaşaýadyk. O ýer hezillik: ýyljajykdan-ýumşajyk. Biz köplük, uly bir maşgala – kakam, ejem, erkek doganym, aýal doganym hemem men.
Bir gezek ýokardan aýak sesleri eşidildi. Birdenem töwerek ýagtylyp gitdi. Iki aýakly äpet, gorkunç mahluk bizi gazyp çykardy, soň halta oklady.
Kakamy diriligine gabygy bilen gaýnatdylar. Erkek doganymyň gabygyny soýdular, pyçak bilen kesdiler, soň gyzgyn saja okladylar. Ejemiň ilki gabygyny sypyrdylar, gaýnag suwda gaýnatdylar, soňam doňýüreklik bilen mäjum bolýança myžžartdylar. Aýal doganymy diriligine gyrgyçdan geçirdiler.
Maňa bolsa “gaty ownuk” diýdiler. Agaç ýeşşige oklap, ýerzemine saldylar. Şuwagt men bu wakany ýerzeminde, garaňkyda gözýaşymy döküp ýazýaryn. Özümem saňňyldap gaty gorkýan, sebäbi: “ýaz gelende diriligiňe ýere gömeris” diýdiler.
(sosial media maglumatyndan)

Teswirler (5)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...