HARUT WE MARUT
(Gadymy eýran ertekisi)
Harut we Marut atly iki sany perişde bar eken. Asmanlyk işlerini tamamlansoňlar, olaryň halaýan pişeleri ynsanlary synlamakmyş. Dünýäniň nähili jomartlygyny bilýändikleri üçin, öz ýanlaryndan Hudaýyň kanunlary bilen ýaşamagy deňizden balyk tutan ýaly aňsat hasaplaýardylar. Emma, nirä seretseler ýalan sözleýän, ogurlyk, kezzaplyk, zyna edýän hem-de öldürýän ynsanlary görýärdiler. Seretsene: han-ha ol adam Konstantinopolda goňşusynyň gyzyny hapa gujagyna çekmäge hyýallanýar. Bu tarapa-da seret: Bagdatda özüniň baý kakasynyň naharyna goşmak üçin awy taýýarlaýan ol aýaly görýäňmi? Aýlap, ýyllap Harut we Marut bu zatlary synlapdyrlar. Her gezek ynsanogullary günä edenlerinde, perişdeler gahar-gazap bilen, jaň sesine meňzeş sesler çykarypdyrlar.
Bir gezek Hudaý Harut we Maruty huzuryna çagyryp, olary aýratyn tabşyryk bilen ýerýüzüne iberýändigini aýdýar. “Ynsan bedenine giriň we asmanyň perişdelerine, ýakyndaky ähli adamlara nädip adalatly we ynsana mynasyp ýaşamalydygyny görkeziň” – diýip buýurýar.
Görkezilen bu mertebeden ýaňa Harut we Marutyň ganatlarynyň uçlary parlap gitdi. Göz açyp-ýumasy salymda olar ynsan şekilini aldylar we elmydam zyýaratçylardan doly mukaddes Maşat şäherinde peýda boldular. Harut – uzyn boýly, görmegeý, sakgally, ýöne jübüleri boş adama öwrüldi. Marut bolsa gysga boýly, paşşyk burunly, daýaw adama öwrüldi, gapjygynda-da altyn apbasylar şaňňyrdaýardy.
Olar Eýranyň iň mukaddes ýerinde – Ymam Rezanyň metjidiniň howlusynda peýda boldular. Zyýaratçylar olarda täsin ruhy güýji duýup, töweregine ýygnanyşdylar-da sorag bermäge başladylar. Perişdeler Allahyň ýoly hakynda köp zat bilýändiklerine görä, olara gulluk etmek kyn däldi. Olaryň paýhasly jogaplary zyýaratçylar üçin gökden ýagýan bereketli ýagyş ýalydy.
Gün ýaşara golaý, birden, Marut garnynda sanjy duýdy. Ol näme bolýanyna düşünmän, bu duýga geň galdy. Garnyndaky bu sanjylara çydamaly boljakdygyny gaýgy edip, sandyrap gitdi we içini tutup büküldi. Dostunyň ugrunyň ýokdugyny gören Harut ýerinden syçrap turdy, ýöne gözi garaňkyrap, ýere ýazylyp gitdi. Yhlasly zyýaratçylar olaryň ikisinem göterip metjidiň sütünleriniň kölegesine geçirdiler. "Bu ikisi uzak gün iýip-içmegi ýatdan çykarandyrlar" – diýip, zyýaratçylar pikir etdiler.
Kalby tämiz zyýaratçy bir zenan olara iýmek-içmek getirdi. Çöregiň üstüne bir bölek gowurdak goýup, emaý bilen Marutyň agzyna eltdi. Marut tasdan onuň barmaklaryny dişläpdi. Zenanyň elindäki galan çöregi, gowurdagy garbap alyp, haýwany nebsewürlik bilen ýürekbulanyjy symyşlamaga başlady. Zenanyň uzadan suwunam uly ses bilen hopurdadyp içmäge başlady. Zenan bilesigelijilik bilen pikir etdi – “Kim bu adamlar?”
Gün ýaşandan soň zyýaratçylaryň köpüsi öz hüjrelerine ýygnandylar. Ýöne, rehimdar zyýaratçy zenan tä güýç-kuwwaty dikelýänçä bu iki kişiniň ýanynda galmagy ýüregine düwdi. Iýip-içen Harut we Marut özlerine geldiler, gurplandylar. Gijäniň Aý yşygyna özlerine kömek eden bu zenany has ýakyndan synladylar. Onuň ýüzi ak, ýaňaklary alma ýalydy. Kirpikleri gara gözlerini bezeýärdi. Harut, zenanyň saçlaryny örtýän ýaglygyny galdyryp açmak isledi. Maruta bolsa zenanyň inçe bili syrly göründi.
Bu iki kişiniň güýç-kuwwatynyň dolananyny gören rehimdar zenan, indi ýerinden turup öz bolýan hüjresine gitmek isledi.
Şonda Harut öz mylaýym sesine özi geň galyp, şeýle bir hoşamaýlyk bilen:
– Gitmäge howlukmaň, eý merhemetli hajy. Haýyş edýärin, ýene bir salym aramyzda galyň – diýip ellerini uzadyp ýalbardy. Zenan bularyň hereketini geň görse-de, ýene bir salym olaryň ýanynda galdy. “Bu täsin kişiler niräniň adamlary-ka?” diýip oýlanan zenan:
– Siz nireden, haýsy şäherden? – diýip sorady.
Harutdyr Marut bu soraga edil ýabany doňuz ýaly horkuldap-horkuldap, yzyny üzmän gülmäge başladylar. Olaryň boluşlary ozal hiç haçan gülüp görmedige meňzeýärdi. Ýerde çabalanyp gülýän Marudyň ýüzi-burny gum boldy.
– Nireden gelenimizi aýtsagam, bary bir ynanmarsyň – diýdi Harut. Marut bolsa elleri bilen asmany görkezdi.
“Belki, bular haýsydyr bir mukaddes tarikata degişlidirler” – diýse-de, zenan ýene-de şübhelendi:
– Siz nirede doguldyňyz, eneňiz-ataňyz kim?
Harutdyr Marut özlerini edil çaga kibi oýnalýan ýaly hasapladylar. Olaryň hersinde ozal nätanyş bolan duýgular döredi. Marutyň ýaňaklary gyzardy, Harutyň damarlary dartyldy. Kalplary gahar-gazapdan doldy.
Harut ýokaryny görkezip:
– Hawa, biz iň ýokarky älemden geldik – diýdi.
– Muny subudam edip bileris – diýip, Marut sözüň üstüni ýetirdi.
Zenan ynamsyzlyk bilen sorady:
– Nädip subut etjeksiňiz?
Harut:
– Ir bilenki aýdan her bir sözümizi sypdyrman diňlediň. Şonda beýleki ynsanlardan tapawudymyzy görmediňmi?
Zenan olaryň irdenki boluşlaryny ýatlady:
– Birnäçe sagat öň bu aýdýanlaryňyza ynansam ynanardym... Siz, häzir öz bedeniňizde ýaşamaýana meňzeýäňiz.
Harut we Marut zenanyň “bedeniňizde” diýşinde sakynyp gidenini gördüler. Ikisinde hem onuň bedenine el degirmek islegi güýjedi. Ýylgyryşyp onuň daşyna aýlandylar, ellerini özara birleşdirip zenany guş gaban ýaly orta aldylar. Zenan töweregine garanjaklap howsala düşdi.
Marut hoşamaý ses bilen onuň gulagyna pyşyrdady:
– Biraz howlukma! Ýokarky älemdendigimiz barada subutnamam bar.
– Sen eýýäm aýtdyň.
– Ýer ýüzüniň hiç bir jandarynyň bilmeýän zadyny saňa aýdyp bilerin.
Harut etmekçi bolýan betniýet işlerinden puşmana gelip, elini ýüregine goýdy, çünki bu zenanyň hoşniýetliliginden ötri Allahyň iň mukaddes kanunyny bozmakçy bolýardylar.
– Aýtmakçy bolýan syrymyzyň nyrhy bir posa – diýdi Marut.
Harut dostuna gaharlandy, ony özünden öňürtileýändir hasaplady. Ol:
– Herimize bir posa – diýip, gazaply bakdy.
Zenan:
– Siziň bilýän zadyňyz näme? – diýip sorady.
– Biz Hudaý barada bilýäris.
Maşat şäherine ýetmek üçin zenan ençeme menzili pyýada geçipdi. Her gün birnäçe gezek doga edip, kalbyny ylahy ylhama açmaga çalyşýardy. Belki-de zenanyň öňündäki bu iki kişi asmandan inen wahyý – aýanlyk getiriji çapardyrlar?...
– Teklibimize razymyň? – diýip Harut gyssady.
Zenan çala ýylgyryp:
– Bolup biler – diýdi.
Harut wyždan azabynda lowlap ýanýardy, emma zenanyň gyrmyzy dodaklarynyň arasyndan görünýän ak hünji dişleri we endamyna ýaýylan hyjuw bu duýgudan üstün geldi. Harut:
– Gel, otur ýanymyzda, diňe bize aýan bolan zady saňa aýdaly – diýdi.
Zenan Harut we Marutyň arasynda gysmyljyrap oturdy, olaryň bedenleri bir-birege galtaşýardy. Harudyň bedenini geň bir lezzet gurşap aldy. Zenan bilen ikiçäk galmak üçin ol hatda Marudy guýa atmagyň pikirini hem etdi.
Zenan:
– Aýdyber, Rahman we Rahym bolan Allah hakynda aýtmak islänleriňizi – diýdi.
– Onuň togsan dokuz ady hemmelere aýan – diýdi Marut. – Ýüzünji adyny diňe Pygamberimiz bilýärdi...
– “Ýüzünji ady bilýäris” diýjek bolýaňyzmy? Ýok, men size ynanamok.
Harut we Marut ikisi biragyzdan:
– Ilki öpüş – diýdiler.
– Ýok, ýok. Belet beýle sözlere. Ilki ady aýdyň – diýdi zenan.
Harut we Marut egilip, dodaklaryny onuň gulagyna ýakynlatdylar, ellerini bolsa biline uzatdylar. Uludan bir dem alyp, perişdeleriň ikisem ol Beýik Ady pyşyrdap aýtdylar. Gulaklarynda ýaňlanan ol belent ses zenanyň aňyny sandyratdy. Ol indi ne Harutyň, ne Marutyň pikirini edýärdi. Onuň ähli pikirleri bu sesiň ýaňlanmasyna öwrüldi we öz bedenini howa ýaly sowuk hem ýeňil duýdy. Şol pursatda onuň ähli arzuwlary amala aşdy – ol soňsuz we päkize yşyk saçýan planeta öwrüldi.
Harut we Marutyň hem ýeri üýtgedi. Indi olar çuňňur bir guýuda başaşak, aýaklaryndan asylgy halda jezasyny çekýärler. Gündizleri güneş ýakyp bişirýärdi, dodaklary kepäp, ökjeleri jaýrylýardy. Bokurdaklary guraýardy, gözleri elýeterindäki dury suwa teşnelik bilen bakýardylar... Gijeleri sowukdan ýaňa titreýärdiler. Özara gürleşenlerinde bedensiz we duýgusyz bir perişde bolmagyň nähilidini ahmyr bilen ýatlaýardylar.
Ýöne, olar başga zada hem göz ýetiripdiler...
Indi olar bilýärler... ynsan bolmagyň nähili zatdygyny...
Rusçadan terjime: Mango
Çeşmesi:
https://otrageniya.livejournal.com/333714.html?ysclid=li9a6c42ld19467748

Teswirler (17)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...