KAGYZ MISAKOWSKIÝ
Ýeňiş we Azatlyk köçeleriniň çatrygynda meni patrul saklady.
– Pasportyňyzy görkeziň!
Men geň galmadym, indi birnäçe wagt bäri şeýle ýagdaý seýrek bolanokdy. Men gapjygymy (pasportymy) çykardym. Polisiýa işgäri sahypalary agdaryşdyrdy, ýazgylary, möhüri barlady, meni synlady. Şonda özümi oňaýsyz duýdum. Birdenkä, meniň ýüz sypatymda pasportdaky suratdan nähilidir-bir tapawutly deňgelmezlik tapylaýmasyn diýip aladalandym. Ýöne, dokumenti ýapdy-da, elinde saklamagyny dowam edip menden sorady:
– Nirä barýaňyz?
– Misakowskiň ýanyna.
– Misakowskiý, Misakowskiý – diýip, hamana bir zady ýadyna düşürýän ýaly gaýtalady.
Soňra ýene-de pasporty açdy, familiýany okap anyklady:
– Stanislawmy?
– Edil özi. Stanislaw Misakowskiň ýanyna.
Ol sesini çykarmady. Ýüzünde welin howsala duýuldy.
– Onu öýünde tapjagyňyzy anyk bilýäňizmi?
– Bilemok, göreris-dä.
– Ondan size nämä gerek?
– Tanyşmak isleýän. Oň bilen käbir hasap-hesibim bar, bir-birimiz bilenem kän ylalaşamyzok.
– Görýän weli, siziň niýetiňiz düzüw däl. Belki, ony öldürmäge hyýallanýansyňyz?
– Ol şoňa aňryýany bilen mynasyp.
– Kanuna görä bu hereket jezalandyrylýar – diýip, polisiýa işgäri haýbat atdy.
– Kanun maňa degişli däl.
– Kanun hemmeler üçin hökmany.
– Ol Misakowskiý üçin hökman – diýip, arkaýyn jogap berdim.
Patrul meni başdan-aýak synlady, soň biraz ikirjiňlenip netije çykardy:
– Ýagny, siz üçin.
– Ýok, meniň üçin däl! – diýip dogumly gygyrdym. – Ine, şuň üçin, – men kagyzdakyny görkezdim, - eliňizde saklap duranyň üçin ol hökman. Meniň bolsa onuň bilen hiç hili umumy zadym ýok. Sürüde tanamak üçin sygyrlaryň gulagyna basylan tagma ýaly, ony maňa baglap goýdular. Meni onuň bilen deň hasaplap, göwnüme degýäňiz!
– Gaty geň zat, gaty geň – diýip, ol oýlandy. Soňra jürlewigini çykaryp kömege çagyrmaga başlady.
© Stanislaw MISAKOWSKIÝ
Terjime: © MANGO

Teswirler (6)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...