Meşhur "edebiýat kafesi" bardy. O kafeňem gelijisem, okujysam, ýazyjysam köp köpdi. Her kim döredenjesini owadanja suratlar bilen bezäp paýlaşardylar, pikir alşardylar. Bir awtor öz goşgusyna görä bu läle kakýan gyzlaryň suratyny goýupdy. Şondan soňam goşgy ýatdan çykyp, läleçi gyzlar iş boldy.... Mango bilen Bagabada. Şo teswirleri degişme hökmünde paýlaşasym geldi. (Suratyň awtoryny bilemok, ýöne meni bagyşlasyn). Ine o teswirler.

Bellik: o Bagabat biziň bärdäki Didarymyzdyr. Bilip goýaýyň :-)

mango:
goşgular barada däl.
surat barada.
- geliň gyzlar, läle kakalyň!
- bolýa, ýöne şu öňümizdäki saçagy bir ýana aýyralyňda.
- durubersin, owadan gelişýär-ä.
- onda, saçagy açyk goýmalyň, çöregi dolalyň...

Bagabat:
"Goşgular barada däl-de surat baradakyň" dowamy:
-Surat-a bet çekýän keniň!
-A men ýene-de däp-dessurdanam ýaman gow baş çykarýan...
-Aý goý-a sygram sagyp bilýäňmi?
-Burda sygyr priçom?
-Äý ýöne, keýpine. Dile geldi-de aýdaýdym...:-)

mango:
Görünmeýän sygyr ýa-da görünmeýän molla barada.
- agyz, ölüp barýaň läle kakaly diýip. bir az garaş, ine, tebärek çyksynlar, ýaşulylaram gaýtsynlar, osoň "molla kowd-a" başlarys-da.
sabyrsyzlyk bilen garaşýalar.
(saçak taýyn) teberegem çykylýar, duz-tagamam dadylýar.
soň ýuwaşlyk bilen ýaşulylaram dargaýar*.
yzyndan saçagy aýyrmaga-da howlugyp, gyzlar diýýär:
- geliň gyzlar, läle kakalyň!
- bolýa, ýöne şu öňümizdäki saçagy bir ýana aýyralyňda.
- durubersin, owadan gelişýär-ä.
- onda, saçagy açyk goýmalyň, çöregi dolalyň...

* indiki erteki "dargan ýaşulylar" barada.

Bagabat:
"dargaman gaýdanlaryň gaýdyp darganlar barada" aýdanlary:
-Dargaman gaýtmak ussatlyk?!
-Gaýtman dargamak nä?
-Sygyr sagmagy öwrenmän şygyr şagmagy öwrenmek...
-Äý-ý, bü aýdanyň-a ýapa-da degmän oty:...
-Şeýle-dä şy. Ulalyp oňalman geçen.
-Näili düşünmel-ow, bi sammyllyňa?!
-Her hili.

mango:
- agyz, bulaň aýdýonyna akyl ýetirjek bolsaň, beýniň dargyýo, gy... geliň gowusy läle kakalyň!
çar tarapdan:
- geliň-de geliň...
ýene-de lälä başladylar.
dolanmadyk saçagam ortada.

Bagabat:
Onno olorom diýýolo:
-Hikaýede-de, hikaýetde-de, hakiketde-de şowyr hetjiklemäni üç gezämden pastaýannyý repitleseň mazgini trambowka etýänden bo:p ýatty:! Şoň üçinem Lälän-ä saçaga dolalyň. Saçagam Läläň eline tutduralyň. Sag-aman gaýtsyn-da, barsyn tünegine. Öýi bar-a çen boldy :-).

mango:
Läläni içine läle dolanan saçagy bilen öýüne ugratdylar.
Läle ýolda saçagy açyp läle kakasy geldi.
saçagy açanam şoldy welin Läläni maşyn kakdy.
Läle kakyldy...
(soňy gynançly gutarsa-da, indi bolaýdy öýdýän :-) )

Bagabat:
...onno olom oýtdy:
-Hemmeşiki zat fantazýaňa bagly. Mysal üçin: Läle hassahanada özüne geldi. Gelen badyna-da özüniň eýýäm haçan kakylandygyny aňşyrdy. Onsaň o oýtdy: "Hany meň sygrym?".
-Gyýw gy:, kakylaňdan soň özüňe geleniň ýaňy, iýýämden sygry nämetjek?
-Sagjak-diýdi:-Dagy sygry näm ediler? Lälä öwrüp kakylmajag-a belli...:-).

mango:
dutor Läläň hossarlaryna:
- onuň ýagdaýy gowy däl. göwni näme islese edäýiňler... -diýdi.
"sygyr" diýip samrap ýatansoň, renimasiýa sygyr getirdiler.
Läle sygyr sagdy.
iň soňky gezek.
edil läle kakýan ýaly "höwlim-höwlim" diýip sagdy...
alaç ýok, hemmeşikiň başynda bar zat.
Läle şeýdip dünýesini täzeledi.
----
Serdar kaka... muň soňy ýog-a...
Lälä teberäk okap boldy edeli.
как раз, ýygnalmadyk saçagam bar.
merhumy biynjalyk etmäli.

Bagabat:
Heh.
Kellä birneme razgruzka berer ýaly, Läle görgüli bilen oň sygyr janawerini kakylýan-kakylmaýan lälesi bilen bilelikde adaty realizmden magiçeskiý realizme ýa-da absurd realizminden fantabsurda geçiräge-de, olary parallel dünýälerde-de birsellem gezdirseň-ä bolardy welin...Hoş bolgaý.
"Degme ýagsyn!".


bu ýazgylar 2022-iň dekabrynyň 14-ne ýazylyşypdyr.