Namazda gepleşen hindiler
Dört sany hindi musulman bir metjitde namaza durýarlar. Şol wagt metjidiň muezzini-azançysy ýanlaryna gelýär.
Ol dört hindiň biri namazdadygyny unudyp muezzinden soraýar:
– Muezzin gardaş, azan okansyň-a? Ýa, entek namaza wagt barmy?
Namazyny okap oturan ikinji hindi özüne erk edip bilmän ýoldaşyna gaharlanýar:
– Gepleme-dä. Namazda wagtyň geplenilmez. Namazyň bozuldy!
Üçünji hindi, ikinjä gygyrýar:
– Onuň bilen nä işiň? Asyl sen özüňe seret! Senem geplediň, namazyň hem bozuldy!
Şol wagt dördünji hindi gürrüňe goşulýar:
– Hemmäňiziň namazyňyz bozuldy. Hudaýa şükür, men siz ýaly ýalňyşmadym, geplemedim, namazymam bozmadym!
Şeýlelik bilen, boş sözler sebäpli dördüsiniňem namazy bozuldy.
Ne bagtyýardyr ki, ol kişi, öz aýbyny özi görer; kimdir biriniň aýybyny görse, o aýyby-utanjy özünde tapar. O aýyp, utanç, günä sende ýogam bolsa, ýene-de özüňe ynamly bolma; çünki, bir gün senem aýyp işe bulaşyp bilersiň; o aýyp seni hem tapar.
Mewlana Jelaletdin Rumi. Mesnewiler
Türkçeden terjime: Mango

Teswirler (3)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...