Her gezek saýty açýan welin, öňümde @Mangoň: "Eger men kartoşka bolan bolsam" diýen, ekzotiki aristokrat miweleriň elýetmez pynhan arzuwy beýan edilen makalasy ýalpyldap, ilkinji bolup öňümden çykýar. Onsoň: "munda bir hikmer bar bolmaly" diýip, hatynyma jaň etdim: -Nirde sen? -Öýde?!-diýip geňirgenýär:-Äpişgeden görnüp durun-a, nä göreňokmy? -Görýän. Onda-da soran bolmaly-da. Näme işleýäň? -Wiý, muny! Göreňokmy?!
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň