Puşkin hakda
Puşkin barada hiç zat bilmeýän birine, ol hakda bir zatlar aýtmak kyn. Puşkin beýik şahyr. Napoleonam Puşkinden kemterräk beýik. Puşkin bilen deňäňde Bismark dagy hiçzat. Aleksandr Birinji, Ikinji, Üçünjem Puşkin bilen deňäňde ýöne bir köpürjik. Hawa, Puşkin bilen deňäňde hemme adamlar köpürjik, ýöne Puşkini Gogol bilen deňeseň Puşkiniň özi köpürjik.
Şoňa görä Puşkin hakda ýazanymdan, gowusy size Gogol hakda ýazaýyn. Gogol şeýle bir beýik welin, ol hakda bir zat ýazmak mümkin däl, şonuň üçinem näme-de bolsa men Puşkin hakda ýazaýyn.
Ýöne, Gogoldan soň Puşkin hakda ýazmak birhili kemsidiji. Gogol hakda-da ýazyp bolanok. Şonuň üçin men gowusy hiç kim barada hiç zat ýazmaýyn.
Daniil HARMS
Terjime: Mango
***
О Пушкине
Трудно сказать что-нибудь о Пушкине тому, кто ничего о нем не знает. Пушкин великий поэт. Наполеон менее велик, чем Пушкин. И Бисмарк по сравнению с Пушкиным ничто. И Александр I и II, и III просто пузыри по сравнению с Пушкиным. Да и все люди по сравнению с Пушкиным пузыри, только по сравнению с Гоголем Пушкин сам пузырь.
А потому вместо того, чтобы писать о Пушкине, я лучше напишу вам о Гоголе. Хотя Гоголь так велик, что о нем и писать-то ничего нельзя, поэтому я буду все-таки писать о Пушкине.
Но после Гоголя писать о Пушкине как-то обидно. А о Гоголе писать нельзя. Поэтому я уж лучше ни о ком ничего не напишу.
Даниил ХАРМС

Teswirler (4)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...