Geçen ýyldan men uglewody öýe salman başladym. Çörek - duşman, tüwi - duşman, kartoşka bolsa gözümde jenaýatçydy. Nänämiş, bykynda ýag toplaýar diýip.

Bir hepdeden soň öz ýoldaşyma sebäpsiz gygyryp, agşam ýassykda ötünç sözlerini pikirlenip ýatýardym. :)

Gyz, seniňem şeýle günüň bolandyr. Diýetiň üçünji güni.

Ol häsiýet däl. Ol açlyk. Uglewodsyz adam zarýady gutaran telefon ýaly - ekrany ýanýar, ýöne hiç zat işlänok.

Şonuň üçin bu gün ony aklajak. Uglewod semredýän däl-de, ýalňyş uglewod, ýalňyş wagtda, ýalňyş mukdarda semredýär. Tapawudy gaty uly.

Beýniň seni gowy görýär (elbetde uglewod berseň)

Beýniň iň söýgüli iýmiti - uglewod. Başga zady halanok.

Uglewod ýetmezçilik edende näme bolýar? Ünsüňi jemläp bileňok. Keýpiň sebäpsiz gaçýar. Adam bilen gepleşip otyrkaň, ol näme diýdikä diýip ýene bir gezek soraýaň. Diýetdakaň äriňe ýa-ha çagaňa sebäpsiz gyzýan bolsaň - bu seniň häsiýetiň däl. Bu seniň beýniň açlygy. (Elbetde diýetde otyran bolsaň, häsiýetiň şeýle bolsa, oňa jogap beremeok)

Galkan şekilli mäziň (ştitowidka) — öýüňdäki elektrik awtomaty

Bu ýerini men özüme düşündirilişi ýaly aýdaýyn. Sebäbi maňa şeýle diýýänçäler, hiç zada düşünmändim.

Bedeniňi bir kwartira diýip göz öňüne getir.

Galkan şekilli mäziň — şol kwartiranyň elektrik awtomaty. Uglewod bolsa daşyndan gelýän tok.

Tok bar wagty ähli zat gül ýaly. Kondisioner işleýär, çäýnek gaýnaýar, telewizorda seriala tomaşa edýäň, wifi bolsa hiç kime azar berenok.

Indi tok kemelip ugrasa näme bolýar? Awtomat oturýar-da, hasap edip başlaýar: "Bulara ählisine ýetjek däl. Onda kesýän."

Ilki wifi öçýär. Soň kondisioner. Ahyrynda bir lampoçka bilen holodilnik galýar.

Bedeniňde-de edil şol.

Metabolizmiň haýallaýar. Ysgynyň gaçýar. Saçyň düşüp başlaýar. Öýde hemmä yssy, saňa bolsa sowuk — jempir geýip otyrsyň.

Iň gyzygy bolsa şu: iýmegiňi azaldyp otyrsyň, terezi bolsa ýerinden gymyldanok. Sen özüňe gaharlanýaň. Aslynda gaharlanar ýaly zat ýok - bedeniň seni gorap, hemme zady tygşytlap ýatyr. Ol seniň diýetiňe däl-de, gyş gelenine ynanýar.

Şonuň üçin işi awtomaty öçürýän ýere ýetirmeli däl. Uglewody ýetirip durmaly.

Ýürek we içegeleriň

Uglewodyň bir görnüşi bar: kletçatka (süýüm).

Greçka, owsýanka, merjimek, perlowka - bular içegeleriňi arassa saklaýar.

Bu ýerde "içege bilen ýüregiň näme baglanyşygy bar?" diýip sorag ýüze çykýar. Soragyň dogry.

Kletçatka ýüregiňi göni bejerenok. Ol içegeleriňdäki artykmaç holesterini tutup, daşyna çykarýar. Şondan soň bedeniňde uly zynjyrly reaksiýa başlaýar we ahyrynda peýdasy ýüregiň damarlaryna barýar.

Ýagny ertirlige owsýanka iýmek, göni kosmetika ýaly täsir edenok, geljegiňe maýa goýum.

Myşsalaryň (geçen blogy ýatladýaryn)

Geçen gezek belok barada ýazypdym. Ýadyňdadyr - towuk döşi, tworog, "belok bombasy" zapikanka.

Şol ýerde bir zady aýtmandym: diňe belok myşsany halas edenok.

Uglewody ýeterlik almasaň, bedeniň energiýa gözläp başlaýar. Nireden alýar? Iň aňsat ýerden - seniň myşsalaryňdan. Ýagny gymmat towuk döşi iýip, myşsaňy ýakyp otyrsyň.

Belok - gurluşyk materialy. Uglewod - şol gurluşykçylaryň nahary. Nahar bermeseň, gurluşykçylar işden gidýär.

Ätiýaçlyk sklad - glikogen

Bedeniň uglewodyň bir bölegini bagryňda we myşsalaryňda ätiýaçlyk saklaýar. Muňa glikogen diýilýär.

Ol näme üçin gerek? Birden güýç gerek bolanda. Zalda işläniňde. Ylgap awtobusa ýetjek bolanda. 5-nji gata liftsiz çykanyňda (biziň ýurdumyzda bu - sport görnüşi).

Skladyň boş bolsa, 3-nji gatda demiň gutarýar we özüňi 80 ýaşly ýaly duýýaň.

Onda näçe iýmeli?

Adaty durmuş üçin: 200–350 gram günde

Zala gatnaýan bolsaň: 350–450 gram

Bu san köp ýaly görünýär, ýöne aldanma - 100 gram kartoşka 100 gram uglewod däl. Aşakdaky nahar tutuşlygyna takmynan 100 gram uglewod berýär. Ýagny gorkar ýaly zat ýok.

Ini bu ýerde "Tagamly ýerimiz" diýip ýene-de bir naharyň reseptini ýazmakçydym, meni okap bişimejegiňizi bilýän.

Men 76 kilogram wagtym kartoşkany goýbolsun edipdim. 58-de bolsa hepdede bäş gezek iýýärin.

Sebäbi meni semredýän kartoşka däl. Meni semredýän - gijesi sagat 11-de holodilnigiň öňünde durup, aýak üstünde iýen zatlarym. Wagtly wagtynda iý, köpräk hereket et, fitnes ýa-da pilatese gitseň has gowy.

Uglewoddan gorkma. Ony saýlamagy öwren.