Çigildem hem orhideýa,
Leýli batyp otyr oýa,
Meniň güllermiň içinde.
Bägül lebin gyzyl edip,
Jümjümeler hezil edip,
Otyr güllermiň içinde.
Örän söýýän tebigatym,
Çagakam düşen suratym
Bar meň güllermiň içinde.
Dutarymdan gelýän heň bar,
Iň begençli ýerem:
Sen bar...
Meniň güllermiň içinde.
ÝAŞYL SÄHRADA
Synlarys asman gümmezin
Ikimiz ýaşyl sährada.
Gürlederis üm bilmezi
Ikimiz ýaşyl sährada.
Ýaz özüne ýazdyr öýder,
Az özüne azdyr öýder,
Hiňlenip aýdym aýdarys
Ikimiz ýaşyl sährada.
Ýürek urşumyz deňlener,
Çopantelpekli çaý derleder,
Uka gark bolarys, meger,
Ikimiz ý aşyl sährada.
@Suraý Babanyýazowa

Teswirler (4)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň