Ýaşap ýörün salgym bolup
Arasynda sowallaryň.
Ýaksana söýgiň oduny —
Üşemesin hyýallarym.
Şahyr Kakamyrat Rejebowyň sözlerine düzülen bu aýdymy mahmal sesli zenan aýdymçy Sahydursun Hojakowa juda mylaýymlyk bilen ýerine ýetirýär. Eýsem-de, bu aýdymda ady agzalýan söýgi nämekä? Oňa kesgitleme bermek mümkinmikä bir? Söýgä akyl ýetirmek gowy zat. Ýöne bu ýagyş-u-garlary, günleridir aýlary bilen aýlanyp duran jahanda söýmeklik hasam gowy.
Tymsal okapdym. Manysy şeýleräk: bir oglanjygyň owlajygy bar eken. Günleriň birinde owlajyk ýüpünden boşapdyr. Muny gapdalyndan synlap duran adam owlagy daňmasa, onuň ýitäýmeginiň ahmaldygyny oglana ýaňzydypdyr. Şonda ol şeýle jogap beripdir: "Owlagyma şeýle bir mähir berdim. Ýüpden boşasa-da, ol meň mährimi, söýgimi goýup, hiç ýere gidip bilmez". Owlajygy "ýüpsüz kökerýän" närse oglanjygyň çirksiz arassa, päk söýgüsi bolsa gerek.
Bir serkerde söweşde agyr ýaralanypdyr. Tebipler näçe tagalla etseler-de, ony bejermegiň hötdesinden gelip bilmändirler. Şonda serkerde: "Maňa Watanymyň bir gysym gumuny getirip beriň, topragymyň ysyny alsam ähli dertlerimden açylaryn" diýipdir. Watan söýgüsi şeýle beýik, şeýle mukaddes bolmaly. Sebäbi seň gözüňi açyp göreniň – Watan, söýen adamlaryň, gülleriň, baglaryň – Watanyň goýnunda.
Bir adam ençeme ýyllap ýoga bilen meşgullanypdyr. Ol her gezek şol bir bagyň aşagynda oturyp meditasiýa edýär eken. Soň ol kişi başga şähere göçüp gidipdir. Birnäçe ýyldan soň dogduk mekanyna dolanan adam "öz bagynyň" ýanyna barmagy ýüregine düwüpdir. Emma obadaşlary gaýry şähere giden badyna ýyllarboýy oňa hemra bolan daragtyň hem gurandygyny aýdypdyrlar. Dünýeden gaýdan kişiniň mähir berip kemala getiren bag-bakjasynyňam halynyň teňleşýändigini, meger, özüňiz hem eşidensiňiz.
Güli gül edýän söýgi. Tanyş gyzlarymyň biri otag güllerini örän gowy görýär. Ol diňe güllere seretmek bilen çäklenmän, eýsem, olar bilen "gepleşýändigini" hem ýylgyryp gürrüň berýär. Ümmülmez mähre eýlenendigi üçin bolaýmasa, hakykatdanam, onuň ýetişdirýän gülleri diýseň owadan. Gazetleriň birinden alymlaryň suw bilen bagly geçiren barlaglary hakynda okapdym. Meňzeş gaba deň mukdarda suw guýlupdyr. Gaplaryň birindäki suwa söýgüli, mähirli, süýji sözler, beýlekisine ýakymsyz sözler aýdylypdyr. Gowy mazmundaky jümleleri "eşiden" gapdaky suwuň kristallary owadan görnüşe, oňyn däl zatlary "diňlän" gapdaky suwuň kristallarynyň keşbi başly-barat görnüşe eýe bolupdyr. Bu diňe suw bilen geçirilen barlag. Diýmek, dünýädäki ähli janly-jandarlara söýgi, mähir bilen çemeleşmek üýtgeşik täsir edýär ekeni.
Okuw jaýynyň professory sosiologiýa ugrundan okaýan talyplara şäherden alysda ýerleşen obalaryň birinde ýaşaýan 200 sany oglanjyk hakda maglumat toplamagy tabşyrypdyr we her bir oglanyň geljegi barada talyplaryň çaklamalaryny bilmek isläpdir. Talyplar ähli oglanlar babatda şol bir pikiri öňe sürüpdirler: "Olaryň üstünlik gazanmak üçin hiç hili mümkinçiligi ýok". Aradan ýigrimi bäş ýyl ötensoň başga professor tötänlikde bu barlagyň netijesiniň üstünden barypdyr. Ol şägirtlerinden oglanlaryň ykbalynyň neneňsi bolandygyny öwrenmegi sorapdyr. Özge ýere göçen ýa-da amanadyny tabşyran 20 oglandan daşgary 180 oglanyň 176-synyň öňdebaryjy hukukçy, lukman, telekeçi bolup ýetişenligi ýüze çykypdyr. Professor munuň sebäbini bilmek üçin ýola düşüpdir. Oba adamlary bu üstünligiň syryny olary okadan mugallymyň bilýändigini aýdypdyrlar. Gürrüňi edilýän mugallym zenan heniz aýatda diri we juda şähdaçyk görünýär ekeni. Professor merkezden gaty daşda ýaşaýan oglanlaryň nädip beýle derejä ýetendigini mugallymdan sorapdyr. Zenan munuň örän ýönekeýdigini, bu çagalary diňe ýüregi bilen söýendigini aýdypdyr.
Eger biziň söýgimiz, mährimiz özümizi dertden halas edýän bolsa, bir güli has gözelleşdirýän bolsa, bir jandary ýakyn hemramyza öwürýän bolsa, bir ynsany üstünlige ýetirýän bolsa, biz nämüçin söýmeli däl? Hemem:
Ýaşlygymy päk söýginiň
Dergähine zyýarat bil!
Hem käteler hyýalyňda
Bu dünýäni diňe-diňe
Ikimizden ybarat bil –
diýmeli däl.
2025ý.
@Suraý Babanyýazowa

Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.