Hindistan…
Gubernator we onuň aýaly zyýapat berýär…
Harbylar, ilçihanaň işgärleri, olaryň aýallary we amerikaly tebigatşynas alym, jemi ýigrimi adam ullakan stolda otyrlar.
Bir aýal bilen polkownik "zenanlar gorkakmy ýa-da erkekler" diýip jedelleşmäge başlady…
Polkownik:
— Aýallar her hili gorkuly pursatda gygyryp, wägirip başlaýarlar— diýdi — Erkekler bolsa gorkyny jylawlamagy başarýar.
Tebigatşynas jedele goşulman, myhmanlary synlap otyr. Birden ol öý hanymynyň ýüzüniň özgerendigini görüp galdy. Hanym gymyldaman otyr, göýäki saň-gaty bolup galana çalym edýärdi. Hanym assa-ýuwaşlyk bilen, ümläp hyzmatkär oglany çagyryp, onuň gulagyna nämedir bir zatlar pyşyrdady. Hyzmatkär oglanyň gözleri misli okara kibi ullakan bolup açyldy.
Tebigatşynasdan başga hiç kim ýigidiň eýwana jamda süýt getirip goýandygyny görmedi. Tebigatşynas teşwüşlenip başlady. Hindistanda jamda süýt goýmak bir närsäni— ýylan çagyrmagy aňladýardy. Tebigatşynas otagda kepjebaşyň bardygyny duýdy. Ol otagyň burçlaryna, güldanlaryň arasyna seretdi, ýylan görünmedi. Diňeje bir ýer galypdy– stoluň asty.
Ol derrew syçrap turup, otagda ýylanyň bardygyny hemmä aýtmakçy boldy, emma bijaý hereket etse kepjebaşyň ürküp birini çakaýmagynyň ähtimaldygyny ol gowy bilýärdi. Ol, hemmäň ünsüni özüne çeker ýaly çalt-çalt gürläp başlady.
— Kimiň çydamlydygyny bilmegiň aňsat usuly bar. Häzir üç ýüze çenli, bäş minut sanaryn, men sanap bolýançam biriňizem gymyldaman oturmaly. Kim gymyldasa, elli rupiýa bermeli bolar.
Stoluň töweregindäki ýigrimi adam daş kimin gatap otyrdy. Tebigatşynas iki ýüz segsene ýetende gözüniň gytagy bilen kepjebaşyň eýwandaky süýtli jama tarap barýandygyny gördi. Ýylan eýwana çykandan derrew böküp turup eýwanyň gapysyny ýapanda hemme kişi elheder almakdan ýaňa doňňara-daşa öwrüldi.
Gubernator:
— Siz hak aýdypsyňyz, polkownik— diýdi— Ine, şu wagtjyk erkek adamyň gorkyny nähili jylawlap bilýändigini gördük.
Tebigatşynas:
— Az-kem sabyr ediň!— diýdi— Hanym Winks, otagda ýylanyň bardygyny nädip bildiňiz?
Hanym ýylgyryp jogap berdi:
— Ýylan aýagyma çyrmaşypdy…
Mona GARDNER
Terjime eden: Saparmyrat Gürgençli
2021

Teswirler (10)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...