Bir gije öýde ýeke ýaşaýan adam kitap okap otyrdy. Birden elektrik togy kesildi. Garaňkyda näme etjegini bilmedi. Penjiräniň öňüne baryp, köçä seretdi. Köçedäki çyralar ýanyp dur. Diýmek, öňküsi ýaly, toguň güýji 110 woltdan 220 wolta geçende, goraýjy awtomat atylan bolmaly. Ol şem gözledi. Ahyry şemi tapyp, otluçöp bilen ýakdy.

Indi aşaky gata düşüp, goraýjyň keramiki patronyny sim bilen saramaly boljakdy. Öýüň elektrik goraýjysy binanyň girelgesinde. Ol elinde şem tutup, basgançakdan aşak düşüp başlady. Özüne käýindi. Eger stabilizator satyn alan bolsa, bu zatlar başyna gelmezdi.

Basgançakdan düşüp barýarka, çagalykda kakasy bilen bagly bir ýatlama ýadyna düşdi. Kakasy ony aşaky gatda ýaşaýan daýysynyň ýanyna bir zat almaga iberende, basgançakdaky çyrany öçürmegi tabşyrardy. Garaňkylykda oň yzyna düşýän kölegesi bolmazdy.

Basgançak gutardy. Binanyň girelgesindäki daş düşelen eýwanda, basgançagyň aşagynda ýerleşýän, goraýjy patronlary asylan mermer tagta seretdi. Ine, patronlaryň biriniň üstündäki sim ýanypdyr.

Goraýjyny saramak üçin mis sim gerekdi. «Mis sim niredekä?» diýip oýlandy. Ol simiň ýerzemindäki kiçijik agaç gutujygyň içinde durandygyny ýadyna saldy. Kakasy käbir günler ony şol ýerzeminde kemeri bilen ýenjip jezalandyrardy. Gijelerine bolsa ýerzeminiň gapagyny ýapyp, ony garaňky hem sowuk ýerde ýeke goýýan wagtlary-da az däldi.

Ol ýerzemine düşülýän agaç gapagy açdy. Basgançaklardan aşak düşüp, ýerzemine girdi. Bu ýer tozan basan, kerepli hem juda garaňkydy. Şemli elini öňe uzadyp, golaýdaky zatlara ýagty saldy. Agaç gutujyk aňyrdaky burçda bolmalydy. Ýöne şol ýerde agaç guta meňzemeýän garaňky tümmejikler bardy.

Ol şemi şol geň üýşmek tarapa tutdy. Birden tisginip, yza çekildi. Ol ýerde biri bardy — bir adam otyrdy.

Bar güýjüni jemläp yza gaçmak isledi, ýöne gymyldap bilmedi. Şemi onuň ýüzüne tutdy. Şemiň ýagtysynda peýda bolan adama seretdi.

Eý, Allam! Garaňkylykda öňünde peýda bolan şol adam onuň öz içinde basyp ýatyran, aňynyň jümmüşine itip taşlan, hemişe çekinip ýören, ýatdan çykarmaga çalşan we gözünden uzaklaşdyryp, ýerzemine gabap goýan kakasydy!

Dyzlary sandyraýardy, dişleri biri-birine degip şakyrdaýardy. Aýagynyň astyndan ýer gaçyp barýan ýalydy… Muňa garamazdan, ol kakasyna tarap ädim ätdi.

Kakasy köne, tozan basan, kerep örten kürsüde otyrdy. Ol edil kerep sapaklary gurşap alan heýkele meňzeýärdi. Üstüni tozan basypdy, töweregini bolsa kerep gurşap alypdy.

Ol kakasy bilen gepleşip başlady:

— Kaka jan, men wagt geçdigi saýy saňa meňzeýän. Hiç kimi göwnüm halanok. Indi menem kelläme gelen zady her kimiň ýüzüne aýdyp goýberýän. Köplenç, ruhumda gozgalaň bolýar. Men seň önüp-ösen obaňa dolanyp barasym gelýär. Agaç pürsli, laýdan salnan öýde ýaşasym gelýär. Okan käbir kitaplarym sebäpli, kelläm biraz bulaşyk. Şeýle-de bolsa, ahyrynda saňa meňzärin öýdýän. Diýmek, menem sen ýaly ölmeli bolarynmy? .

Kakasy jogap bermedi. Onuň ýüzünde buýsançly, tekepbir öýke-kine bardy.

Ol öz-özi bilen gürleşýändigine düşünende, kakasynyň hyýalyndan saplandy. Agaç gutujygyň içinden mis simi tapyp aldy-da, ýerzeminden çykdy. Goraýjy patronyna simi sarady. Elektrik togy ýene geldi.

Ol basgançakdan ýokarky gata çykyp barýarka, endamy tikenekläp gitdi. Diwaryň ýüzünde bir kölege peýda bolupdy. Kölege diwaryň ýüzünden ýuwaşlyk bilen süýşüp, oň ýanyna geldi.

Ol gözlerini owkalap, üns bilen seretdi. Öňündäki arkasyndaky kölegäni gördi. Agzyny açyp, gygyrmak isledi, ýöne sesi bokurdagynda boguldy. Saň gaty boldy, Gymyldap bilmedi.

Kölege oňa ýylgyrdy-da, elini onuň bokurdagyna uzadyp, bogup başlady. Ol halas bolmaga dyrjaşdy, ýöne indi giçdi…

Soňky demi çykyp barýarka, kakasy onuň gulagyna pyşyrdady:

— Meniň adym Ölüm.

Şewket M.OGUZ

Terjime eden: Saparmyrat Gürgençli

2026 ý.