«Durmuşy kyssalarda» adamlaryň dabaraly toý tutmak üçin nämeleri elden gidirýändigi hakynda okaň!

Toý adam saglygyny pida eder derejede möhüm dessur däl:

Marhoba 21 ýaş, Samarkant:

– Doganymy bir ýyl mundan öň adaglapdyk. Şol günden bäri öýümizde diňe toýuň nähili geçmelidigi, haýsy bagyşlary çagyrmalydygy hakyndaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Men okuw tölegimi talyp kreditinden töledim. Häzir mümkinçiligimiziň ýokdugyny aýdyp, jigimi hem goşmaça okuw sapaklaryndan aýyrdylar. Jigim örän zehinli çaga, muňa gaty gynandy. Ýakynda toý tutmaly. Maşgalamyzda kakam, ejem, agam işleýär. Men talyp bolsamam işleýärin, ýöne gazanjym kän däl, gazanýan pulum özümden artanok.

Meni aladalandyrýan zat başga: ýakynda lukmanlar ejemiň döşünde rak keseliniň alamatlarynyň bardygyny aýtdylar. Gijä galman bejergä başlamaly, ýogsam soň giç bolmagy mümkin eken. Ýöne toýuň çykdajylary sebäpli ejem ýüzleý bejergiden aňry geçip bilenok. Mejbur etsek-de, «Gudalaryň öňünde ýüzügara bolarys» diýip, özüni köseýär. Içmeli dermanlaryny almasa, almaýar, ýöne şu yssyda her hepde serpaý almak üçin bazara ylgaýar. Nädip düşündirjegimizi bilemzok. Kakam bilen agam hem dürli ýollar bilen düşündirmäge synanyşdylar. Ahyry gözýaş döküp: «Men bir gezek toý tutýan, hemmeler nähili toý ederkäm diýip seredip dur. Bejergi gaçyp baranok. Meniň has beterleşmegimi islemeýän bolsaňyz, öz günüme goýuň» diýýär. Agam öýlenýändigine müň puşman etdi. Ýöne ejeme bir zat diýmäge bogny ysmaýar.

Toý tutýandygymyz üçin ähli çykdajylary mümkin boldugyça azaltdyk. Aýtsam, ynanmarsyňyz, hatda iýip-içgiden hem gysdyk. Ýöne gudalar bilen bagly ýekeje dessuram sypdyranok. Meselem, her baýramçylyklarda dabaraly myhmançylyga çagyrmak, «öý görkezmek» ýaly däpleriň çykdajylaryndan hiç zat tygşytlananok. Dürli naharlar, süýjülikler, serpaýlar... Bularam ýetmeýän ýaly, häzir biziň tarapymyzda serpaýyň ýanyna bir tylla goşup bermek däbe öwrülipdir.

Ene-atamyň göwnündäki ýaly toý tutmak üçin azyndan ýene üç ýyl işlemeli bolaryn

Mirzohid, 31 ýaş, Horezm:

Ýaşym otuz birde, dokuz ýyldan bäri daşary ýurtda gurluşykda işleýärin. Maşgalada ýeke ogul, ata-enemiň isleg-arzuwlary kän. Şu wagta çenli işläp, uýamy we jigimi durmuşa çykardym. Gelen wagtlarymda bu ýerde gazanjym erbet däldi, gazanjymy jemlesem, ep-esli pul bolýardy. Jigimi durmuşa çykaranymyzda mebeli giýewiň özi aldy. Ýöne şoňa görä jogap bermesek, utanç bolar diýip, stol-stullary artykmajy bilen ugratdyk.

Indi gezek meniňki, ýöne dogrusy, Özbegistana baryp öýlenesim gelenok. Sebäbi munuň üçin häzir mümkinçiligim ýok, bu ýerde-de işim öňküsi ýaly däl. Meniň içimi ýakýan zat — üç ýyllap gara der bolup ýygnan pulumyň ýekeje toýa sarp edilmegi.

Galyň üçin hem, toýuň çykdajylary üçin hem ep-esli pul gidýän eken. Dabaraly toýuň hökman däldigini aýtsam, kakam: «Men il-günüň toýuna gatnaşyp, iýdim-içdim, indi özüm şonlardan gaça durmalymy?» diýip, öýkeledi.

Ýöne olaryň isleýşi ýaly toý etmek üçin ýene azyndan üç ýyl işlemeli bolaryn.

Pandemiýa döwründe toýlar kiçiräk tutuldy. Hemmeler muňa öwrenişdi. Indi mundan soň şonuň ýaly bolar diýip oýladym. Ýok, adamlaryň köpüsiniň düşünjesi üýtgemändir.

Gymmat haly bermedi diýip aýtsalaram, hiç zat bolmazdy

Nasir aga, 57 ýaş, Daşkent:

Üç perzendim bar. Bir gyzymy durmuşa çykaranyma iki ýyl boldy. Dogrusy, uly gyzymy durmuşa çykaranymda alan karzlarymy entek üzüp bilmändim. Mebel berip bilmedik, iň bolmanda haly, perde ýaly zatlaryň gowusyndan alyp bereli diýip pikir etdik. Aýallar şeýle zatlary oýlap tapyberýän eken.

Arada oglumyň halaşýan gyzyny başga birine bermekçi bolýandyklaryny eşidip, onuň hem toýuna başladyk. Alty aý öň toý tutupdym. Ýene ep-esli bergä batdym. Garyndaşlar kömek etdi. Heniz kän gazanmasa-da, oglum hem işleýär. Özüm döwlet işinde işleýärin. Daşyndan hem işlemeli bolýaryn. Şonuň üçin «arenda» maşyn aldym, kireý edýärin. Maşynyň kireý puluny hem, bergileri hem üzmek üçin gije-gündiz işlemesem bolanok. Käwagt kiçiräk toý etsem bolmazdymy diýip, öz-özüme gaharlanýaryn. Aýalym başgalaryň toýuny aýdyp, höwes edende, gözýaş dökende, men göwni ýukalyk edipdirin. Şonda has berk durmaly ekenim.

Gelinsalam diýen «haryt alyş-çalyş» dessurynyň özünde göwnedegişlik başlady

Sahyba daýza 46 ýaş, Daşkent:

– Ýeke özüm üç gyzy ulaltdym. Oglumyz bolmandygy üçin ýoldaşym bilen aýrylyşdyk. Şu gyzlarymyň ýüzi gyzarmasyn, hiç kimden kem bolmasyn diýip, çagalygyndan bäri bukja ýygnaýaryn. Öňräk uly gyzymy durmuşa çykardym. Guda tarap mebeli hem bize aldyrdy. Alaçsyz kredit alyp, olaryň aýdan zatlarynyň hemmesini artykmajy bilen alyp berdim.

Gudamyzyň garyndaşlaryna gowy serpaýlar alyp bermändigimiz üçin ilkinji günüň özünde gelinsalam diýen «haryt alyş-çalyş» dessurynda göwnedegişlik döredi.

Ýazgyt eken, gyzym göwreli wagty aýrylyşdy. Häzir öýümde ýaşaýar. Aýma-aý alan mebellerimiziň we enjamlarymyzyň kreditini töleýäris. Ýapan serpaýlarym, alan mebellerim öýümde ulanylman ýatyr. Şolaryň ornuna, gyzymy okadan bolsam gowy boljak eken, indi ökünýärin. Indi çagasy bilen nädip gün görer? Kredit üzjek bolup, beýleki gyzlarymy hem okadyp bilemok.

Taýýarlan: Gülmire DAŞNYÝAZOWA

Terjime eden Saparmyrat Gürgençli

2024ý.