1952-nji ýylyň 7-nji iýunynda Stambulda dünýä inen Orhan Pamuk çagalykdan suratkeş bolmagy arzuw edýär. Ol köp ýyllap surat çekmek bilen meşgullanypdyr. Emma ykbaly ony başga bir sungata — edebiýata alyp gelýär. Şeýdip, suratkeş bolmagy arzuw eden ýaş ýigit wagtyň geçmegi bilen dünýä edebiýatynyň iň meşhur ýazyjylarynyň birine öwrülýär.
Orhan Pamuk Stambulyň Nişantaşy etrabynda, köp çagaly maşgalada ulalýar. Kakasy inžener bolup işläpdir. Maşgalasynda bilimli adamlaryň bolmagy, öýdäki kitaplar, medeni gurşaw onuň dünýägaraýşynyň kemala gelmegine täsir edipdir. Ýazyjy soňra öz çagalyk ýyllaryny we maşgalasynyň durmuşyny ýatlamalarynda hem beýan edýär.
Ol Stambuldaky Robert College mekdebinde bilim alýar. Soňra Stambul Tehniki uniwersitetiniň binagärlik bölümine okuwa girýär. Emma üç ýyllyk okuw onuň geljek baradaky pikirlerini üýtgetmeýär. Pamuk binagär bolmak islemeýändigine düşünip, okuwy taşlaýar. Şondan soň Stambul uniwersitetinde žurnalistika ugrundan bilim alýar.
Ol 23 ýaşynda ýazyjy bolmak barada gutarnykly karara gelýär. Munuň üçin öňki meýilnamalaryny bir gyra goýup, bütin wagtyny ýazuw işine bagyşlaýar. Birnäçe ýyllap öýünde oturyp, ilkinji romanynyň üstünde işleýär. Bu onuň durmuşyndaky iň möhüm öwrümleriň biri bolýar.
1982-nji ýylda Orhan Pamugyň ilkinji romany «Cevdet Bey ve Oğulları» neşir edilýär. Şol eser onuň edebiýata ilkinji uly ädimi boldy. Şeýlelikde, bir wagtlar suratkeş bolmagy arzuw eden ýaş ýigit öz ýoluny tapýar.
1985–1988-nji ýyllarda ABŞ-da, Nýu-Ýorkdaky Kolumbiýa uniwersitetinde myhman gözlegçi hökmünde işleýär. Bu döwür onuň dünýägaraýşynyň giňelmegine, döredijilik tejribesiniň baýlaşmagyna ýardam edýär.
Orhan Pamugyň döredijiligi halkara derejesinde giňden tanalyp başlaýar. Onuň eserleri dürli dillere terjime edilýär, dünýäniň köp ýurtlarynda okyjylar tarapyndan kabul edilýär. Ýazyjy 2006-njy ýylda edebiýat boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolýar. Şeýdip, ol bu abraýly baýragy alan ilkinji türk ýazyjysy hökmünde taryha girýär.
Pamugyň durmuş ýoluna ser salanyňda, onuň üstünlik gazanmagynyň aňyrsynda bir möhüm kararyň durandygyny görmek bolýar: ol öz isleýän ýoluny saýlamak üçin öňki arzuwlaryndan ýüz öwürmegi başarypdyr. Suratkeş bolmak isleýän oglan soňunda sözleriň üsti bilen öz dünýäsini döreden ýazyja öwrüldi.
Häzirki wagtda Orhan Pamuk häzirki zaman türk edebiýatynyň dünýäde iň giňden tanalýan wekilleriniň biri hasaplanýar.
#internet maglumatlary esasynda taýýarlandy

Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.